Iň täze habarlar

Türkmenistan bitaraplyk we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament dialogyny ösdürmäge taýýardyr

20.11.2023 | 19:19 |
 Türkmenistan bitaraplyk we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament dialogyny ösdürmäge taýýardyr

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Ýurduň Milli Mejlisiniň wekiliýeti muny Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamnet Assambleýasynyn sessiýasynda yglan etdi.

2 ПА ОБСЕ.jpeg

Güýz sessiýasy 18-20-nji noýabrda Ýerewanda «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary bilen geçirildi. Forumda, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri kärdeşleriniň ünsüni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe sürlen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlaryna gönükdirdi.

Türkmenistanyň teklipleriniň ÝHHG-a agza ýurtlardan goldaw tapjakdygyna ynam bildirildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: