Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary belarus talyplaryna sapak geçdiler
21.11.2023 | 11:36 |Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary P.O.Suhoý adyndaky Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň talyplaryna sanly ulgam arkaly sapak berdiler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy Bazarsähet Altyýew belarus uniwersitetiniň energetika fakultetiniň 4-nji ýyl talyplarynyň öňünde “Türkmenistanyň mysalynda yssy howada gaz turbina stansiýalarynyň ulanylyşy” atly leksiýa berdi.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň başga bir mugallymy, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň uly ylmy işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty, dosent Öwezdurdy Jumadurdyýew “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak” mowzugy boýunça leksiýa berdi.
P.O.Suhoý adyndaky Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň uçurymy Emirhan Mätýakubowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda işleýändigini bellemelidiris.
ORIENT news