Türkmenistanyň wekiliýeti bilim ministrleriniň Kazandaky halkara forumyna gatnaşýar
09.06.2023 | 14:00 |Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň baştutanlygynda Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegi döredip» atly bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar.
Türkmen wekiliýeti bilim ministrleriniň köptaraplaýyn duşuşygynyň gatnaşyjysy boldy, Kazandaky Polilingiwal toplumyndaky «Adymnar — bilimlere we ylalaşyga ýol» ýöriteleşdirilen okuw mekdebindäki okuw prosessi bilen tanyşdy. Türkmenistanyň bilim pudagynyň wekilleri RF-nyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we Russiýanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.
Açylyşy Başir Rameýew adyndaky IT-parkda bolup geçen Forum 20-den gowrak ýurduň bilim ministrlerini ýygnady. Olaryň arasynda — BAE, Müsür, Senegal, Mali, Zimbabwe, MAR, Siriýa Arap Respublikasy, Pakistan, Mýanma, Şri-Lanka, Kuba, Wenesuela, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan bar.
Forumyň gatnaşyjylaryna wideoşekilli ýüzlenme bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin çykyş etdi.
Mejlisiň gün tertibine bilimiň ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän orny, hilli bilimiň elýeterliligi, okatmagyň täze usulyýetleri, mümkinçiligi çäklendirilen ýaşlar we çagalar bilen işlemek, çagalaryň dynç alşynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen sergi boldy, onda okuw we usulyýet gollanmalary, ders iş otaglary, barlaghana we hünärden öňürti synp otaglary üçin enjamlar görkezildi.
ORIENT habarlar