Türkmenistan Ýewraziýa toparynyň ýurtlarynyň Parlament komitetleriniň wekilleriniň II Forumyna gatnaşdy
07.06.2023 | 17:23 |Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa topary ýurtlarynyň Parlament komitetleriniň wekilleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça II Forumyna gatnaşdy, onda terrorçylyga garşy kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy - diýip, «Kazinform» habar berýär.
Duşuşyk Ýewraziýa toparyna gatnaşýan 9 ýurduň – Belarusyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň - parlamentleriniň deputatlarynyň gatnaşmagynda Almatyda geçdi. Synçylar hökmünde Forumda Ermenistan, ABŞ, Kollektiwleýin howpsuzlyk hakynda şertnamanyň guramasy we BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi wekilçilik etdiler.
Taraplar kanunçylyk babatda düzgünleşdirme tejribesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk we ekstremistik işlerini maliýeleşdiriji kanallaryň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen kanunlaryň tejribesini we mysallaryny paýlaşdylar.
Forum tamamlanandan soňra jemleýji jarnamada wekiller Ýewraziýa toparynyň agza-döwletlerini terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek meseleleriniň kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylyşyna bolan çemeleşmäni düzgünleşdirmeklige çagyrdylar.
ORIENT habarlar