Iň täze habarlar

Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

30.05.2023 | 21:36 |
 Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

31-nji maýda Ýerewanyň merkezinde ýerleşýän Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy bolar. Gadymy sungat ybadathanalarynyň biriniň sahnasynda türkmen artistleri we döredijilik ussatlary uly konsert programmasy bilen çykyş ederler.

Şol gün beýik pelsepeçi şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň açylyş dabarasy geçiriler. Umuman, medeni çäräniň tutuş meýilnamasy Magtymgulynyň edebi mirasynyň giňden wagyz edilmegine begyşlanar.

Ýerewana baran türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Medeniýet ministri ýolbaşçylyk edýär. Meşhur sazandalar, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, “Aşgabat” ansambly we “Dürdäne” folklor topary şäheriň dürli konsert meýdançalarynda çykyş ederler.

Ýurdumyzyň medeni pudagynyň, "Gadymy Merw" Döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň, iri medeni we ylmy merkezleriniň, döredijilik ÝOM-leriň, muzeýleriniň we teatrlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň wekilleri, keramatly Mesrop Maştos adyndaky "Matenadaran" gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri bilen duşuşarlar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: