SAMSUNG kompaniýasy ähli telewizorlaryň görnüşlerine 35% arzanladyş yglan etdi
31.05.2023 | 22:00 |Elektronika dünýäsi we «Berkarar» SDAM-däki SAMSUNG dükanlary «Tomusky arzanladyş» aksiýanyň başlanýandygyny, onuň çäklerinde SAMSUNG brendiniň ähli telewizorlaryna 35% arzanladyş yglan etdiler.
Çäre tomsuň gelmegi we Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň gününiň baýram edilmegi hormatyna badalga berlendir. SAMSUNG brendiniň ähli telewizorlaryna 2 ýyl kepillik berilýär.
Müşderiler üçin ýene-de bir ýörite teklip — «Telewizorlaryň utilizasiýasy» hereket edýär. Her bir satyn alyjy islendik brenddäki we islendik ýagdaýdaky telewizory tabşyryp, täze SAMSUNG telewizorlaryň bellenen modellerina 3000 TMT arzanladyş gazanyp bilýär.
Aksiýa iýun aýynyň 1-30 aralygynda dowam eder.
Amatly mümkinçilikleri elden bermäň! Ozal şuňa meňzeş çäreleri Elektronika dünýäsi we «Berkarar» SDAM-däki SAMSUNG dükanlary kir ýuwujy maşynlar üçin geçiripdiler.
Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar:
Elektronika dünýäsi dükany: (+993 60) 14-22-53
«Berkarar» SDAM-däki SAMSUNG dükany: (+993 60) 14-22-52
Instagram: @elektronika.dunyasi.dukany
Serwis merkezi: (+993 60) 14-22-54, (+993 60) 14-22-55.
ORIENT news