Iň täze habarlar

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

27.05.2023 | 14:45 |
 Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistan hem gatnaşdy – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen mejlisde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi Türkmenistanyň goldawy esasynda we döredijisi hökmünde aşakdaky kararlary tassyklady we olary gün tertibine girizdi:

«ÝUNESCO-nyň Assosirlenen mekdepler ulgamynyň 70 ýyllygy: ösüşiň geljegi»;

«Welosiped – hemmeler üçin» başlangyjy durnukly we sagdyn ýörelgeleri goldamagyň hatyrasyna;

«Daşkent Jarnamasyny we kiçi ýaşly çagalaryň terbiýesini hem-de bilimini özgertmek maksady bilen çäreleri görmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek.

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar. Mejlisde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki hepdäniň dowamynda ÝUNESKO üçin möhüm bolan dürli meseleler we onuň medeniýet, bilim we ylym pudagyndaky maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy we kararlar kabul edildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: