Iň täze habarlar

Arkadag şäheri aýaratyn hukuk derejesine eýe boldy

24.03.2023 | 12:58 |
 Arkadag şäheri aýaratyn hukuk derejesine eýe boldy

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheri – aýratyn hukuk derejesine eýe boldy we döwlet ähmiýetli şäher boldy. Bu baradaky kanuna Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi – diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.

Kanunçylyk taslamasyna laýyklykda Arkadag şäheri türkmen halkynyň üstünliklerini we döwlet gurluşygynyň döwrebäp däplerini görkezýän aýratyn dolandyryş-çäk birligi bolar.

Şeýle hem kanunda ýerli häkimiýet edaralarynyň we pudaklaýyn gulluklarynyň işleýiş tertibi görkezilendir.

ORIENT habarlar

Foto: Türkmenisanyň Döwlet teleradiosy

Şeýle hem okaň: