
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Mämmedowa söz berdi. Mämmedowa, kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly şu ýyl mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Soňra Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Babaýewe söz berildi. Bellenilşi ýaly halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary parlamentara gatnaşyklary we parlament diplomatiýasyny işjeňleşdirmek meselesi barada aýdyp, şu ýylyň 8-10-njy ýanwary aralygynda Milli Geňeşiň wekilýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäherinde geçirilen Aziýa parlament Assambleýasynyň 13-nji plenar mejlisine şeýle hem onuň çäklerinde guralan çärelere gatnaşandygyny habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Geldimyradowa söz berildi. Geldimyradow 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetinden ugur alnyp Türkmenistanyň makro ykdysady durnuklylygyny we ykdysady kuwwatyny berkitmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny we sebitlerini kadaly hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýanlygy barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň – B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy hem-de degişli işler ýerine ýetirildi.
Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa hem-de Döwlet ministri -- “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, energetika, senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işler barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň 20-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýänligi barada hasabat berdi. Bu maslahatda syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Prezident bu ugurda dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigini belläp, wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzda geçiriljek halkara olimpiadalary barada hasabat berdi. Halkara olimpiadalaryna onlarça döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara ähmiýetli ähli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän telefon toruny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýanlygy barada hasabat berdi we Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.