Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen ýangyç we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

29.11.2022 | 20:55 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen ýangyç we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Seulda resmi iş sapary bolýan Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň prezidenti Ýun Sok Ýol bilen ýangyç-energetika pudagyndaky türkmen-koreý hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige we infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmeklige uly gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň prezidentiniň diwanynyň metbugat maglumatynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ummasyz tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanyň we ösen tehnologiýalara eýe bolan Koreýa Respublikasynyň dürli ugurlarda biri-biriniň mümkinçilikleriniň bir bitewi ulgama meňzeýändigi barada nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň kompaniýalarynyň ýurduň esasy energiýa we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyny dowam etdirip, hyzmatdaşlyk etmegini has hem giňeltjekdigine umyt bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň döwlet baştutanyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky hatyny gowşurdy.

ORIENT news
Surat: biz.chosun.com

Şeýle hem okaň: