Türkmenistanyň Parlamentiniň Başlygy Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
29.09.2022 | 08:03 |Duşenbe güni, 27-nji sentýabrda Ýaponiýada ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşyldy. Tokioda soňky 55 ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde matam çäresi geçirildi diýip, ýapon resmi KHBS habar berýärler.
Müňlerçe adamlar syýasatçyny hatyralamaga geldiler. Olaryň hatarynda bütin dünýäden daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalarynyň ýüzlerçesi – parlamentariler, hökümetleriň we ýurtlaryň baştutanlary bar. Matam çäresine Türkmenistandan 25-nji sentýabrda ýapon paýtagtyna iş sapary bilen gelen türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Tokioda Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy. Ýapon syýasatçysy bildiren gynanç sözleri hem-de pajygaly ýagdaýda aradan çykan Sindzo Abeni hatyralap beren sadakasy üçin hoşallyk bildirdi. “Biz Siziň beren goldawlaryňyza örän minnetdardyrys” diýip, Fumio Kisida belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkiniçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon premýeri Kisida ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça iri möçberli zawodyň gurulmagyny goldady. Ol ýurtlaryň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, ulag hem-de beýleki ulgamlaryndaky geljegi uly taslamalaryna mundan beýläk-de gatnaşjakdyklaryny kepillendirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, ýapon kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna hem-de beýleki pudaklardaky taslamalara gatnaşmagynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýandygyny nygtady.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentarileriniň işine, ynsanperwer, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
ORIENT news
Foto: rbc.ru