Şu gün çap edilen Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalar hakynda Kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar awtoulag sürüjiler hem-de pyýadalar tarapyndan ýol hereketiniň düzgünleri bozulan halatynda salynýan jerimeleriň möçberleriniň artdyrylandygyna şaýatlyk edýär.
Şu günden başlap, rugsat edilen ýokary tizlik 30 km/sagatdan geçse, ýöne 50 kilometr/sagada ýetmese, jerime binýatlyk ulylygynyň* ölçegi ikiden üçe çenli artdyrylar. Gaýtadan düzgün bozulandygy üçin jerime binýatlyk ulylygynyň bäş ölçegine deň bolar.
*(Mysal. Häzirki gün jerimeler üçin binýatlyk ulylygyň ölçegi 100 manada deňdir).
Tizlik 50 kilometr/sagatdan geçendigi üçin jerimäniň mukdary binýatlyk ulylygynyň ölçeginde bäşden ýedä çenli artdyrylar. Şonuň ýaly gaýtadan düzgün bozulma ulag sürmäge ygtyýar berýän resminamadan üç aý mahrum bolmaga getirer.
Beýleki ulag serişdeleriniň tizligini, hereket ediş ugruny dessine üýtgetmäge ýa-da başga çäreleri görmäge mejbur eden heläkçilik ýagdaýyny döretmek görnüşinde ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin indi binýatlyk ulylygynyň ýedi ölçegindäki jerime arkaly temmi berler.
Pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy we üns berilmeli ýol belgilerine, ýol çyzgylaryna ýa-da ýolyşyklarynyň duýduryjy nyşanlaryna boýun bolmandygy üçin binýatlyk ulylygynyň 0,4 möçberinde (ozal 0,2) jerime belleniler. Gaýtadan düzgün bozulandygy üçin bir binýatlyk ulylygy möçberinde jerime göz öňünde tutuldy.
Pyýadalar hökmünde ýol hereketiniň düzgünlerini bozan, 16 ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň ata-enelerine ýa-da kanuny hossarlaryna binýatlyk ulylygynyň 0,4 möçberinde jerime tölenmeli ediler.
Mundan başga-da, Kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmäge gadagan edilen düzgüniň gaýtadan bozulandygy üçin iki binýatlyk ulylygy möçberinde jerime bellenilýär. Birinji gezek düzgün bozulma üçin bir binýatlyk ulylygy möçberinde jerime göz öňünde tutulýar.
ORIENT news
