Maý aýynyň ahyry Türkmenistanda birnäçe milli baýramçylyklar we dabaralar bilen belleniler. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow şanly seneleriň golaýlap gelýändigini belläp, Gurban baýramyny bellemek hakyndaka Permana gol çekdi. Bu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün eder.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy däp-dessurlaryny, ynsanperwerlik we agzybirlik ýörelgelerini aýawly saklamaga gönükdirilen resminama laýyklykda, Gurban baýramy 2026-njy ýylyň 27, 28 we 29-njy maýynda — üç günüň dowamynda giňden belleniler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti eýýäm geljek duşenbe güni, 25-nji maýda tutuş ýurt boýunça Aşgabat şäheriniň gününiň we mekdep uçurymlarynyň däp bolan «Soňky jaň» dabarasynyň giňden belleniljekdigini belledi. Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, watandaşlarymyzy golaýlap gelýän baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.
