
Aşgabat ählumumy söwda ulgamyna goşulyşmak we milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek ugrunda nobatdaky strategik ädimini ädýär. Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy bilen gepleşikleriň ugruny işjeňleşdirmäge gönükdirilen amaly teklipleriň toplumyny Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Häzirki wagtda degişli Hökümet toparynyň we pudagara iş toparynyň esasy tagallalary integrasiýa ugruny öňe sürmek üçin zerur bolan binýatlaýyn resminamany — Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany gutarnykly taýýarlamaga gönükdirilendir.
Iş toparynyň Ähtnamanyň gutarnykly nusgasynyň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyljak we tassyklanjak nobatdaky mejlisini şu ýylyň 10-njy iýunyna geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, BSG-niň Sekretariaty bilen özara hereketleriň çäklerinde, Aşgabat Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan ýurtlaryň arasyndan Türkmenistan boýunça ýörite iş toparynyň başlygy boljak ýurdy saýlamak we tassyklamak işini başlamak baradaky teklibi beýan edýär.
Türkmenistanyň Milli gepleşik toparynyň döredilmegi möhüm institutlaşdyrylan çözgüt bolar. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bu toparynyň düzümini kesgitlemegi we tassyklamagy, şeýle hem BSG bilen bilelikdäki iş meýilnamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu bolsa türkmen diplomatlaryna we ykdysatçylaryna geljekki nyrh hem-de täjirçilik gepleşiklerini netijeli alyp barmak üçin guramanyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk okuwlaryna we sessiýalaryna synçy hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara ykdysady institutlary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady we DIM-iň ýolbaşçysyna BSG-a agza bolmak işini çaltlandyrmak boýunça ulgamlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.