
Türkmenistan deňiz uglewodorod ýataklaryny işläp düzmek ulgamynda iri halkara işewürligi bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi maksat edinýär. Hazar deňziniň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki işleri güýçlendirmek meseleleri Ministrler Kabinetiniň 22-nji maýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizildi. Mejlisde wise-premýer Guwanç Agajanow degişli hasabat bilen çykyş etdi.
Hasabatyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertleriň hem-de oňyn maýa goýum gurşawyň esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygy bellenildi. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmaga gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldady. Döwlet Baştutany Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň ugurlaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig mal serişdeleriniň subut edilen gorlarynyň has-da artmagyna we ýurduň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönüden-göni ýardam edýändigini nygtady. Wise-premýere gepleşikleriň amaly tapgyryna başlamak we hödürlenen taslamalary jikme-jik işläp taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklar berildi.