Iň täze habarlar

Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi “Açyk gapylar” gününe Sizi çagyrýar!

15.05.2024 | 11:23 |
 Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi “Açyk gapylar” gününe Sizi çagyrýar!

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylyň 16-17-nji maýynda gyzyklanýanlaryň hemmesine şatlyk bilen gapylaryny açar!

2012-nji ýylda döredilip, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi açylan döwründen bäri syýahatçylyk we ugurdaş ugurlar boýunça orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamak işlerini alyp barmak bilen, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda bu ugurda hünärmenlere bolan islegleri kanagatlandyryp gelýär.

Ýurdumyzyň gözel künjeklerine dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlaryna we syýahatçylaryna ýolbelet hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagy üçin okuwlar yzygiderli alnyp barylýar.

Bu orta hünär okuw mekdebinde 6 sany hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar:

Syýahatçylyk hyzmatlary;

Myhmanhana hyzmatlary;

Daşky gurşawy goramak we tebigy miras;

Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy;

Buhgalterçilik hasaba alnyşy;

Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

Orta hünär okuw mekdebine ähli welaýatlardan okuwa kabul edilip, welaýatlardan gelýän talyplar umumyýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Habarlaşmak üçin:

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby, 21055 (Mämmet Gurbanow) köçesiniň 33-nji jaýy

Telefonlar: +99312-363697, +99364-922745, +99364-942224, +99363-539113

ORIENT news

Foto: Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: