Iň täze habarlar

Dubaýdaky uniwersitet Türkmenistandan dalaşgärleri okuwa çagyrýar

03.04.2024 | 16:01 |
 Dubaýdaky uniwersitet Türkmenistandan dalaşgärleri okuwa çagyrýar

«Sinergiýa» uniwersitetiniň (Dubaý) Aşgabatdaky wekilhanasy 2024-2025-nji okuw ýyly üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Türkmenistanly ýaşlar üçin 50 ýer bölünip berildi.

Bilim edarasy talyplara bakalawr, magistratura we MBA maksatnamasy boýunça wajyp hünärleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda 500-den gowrak bilim maksatnamasy hasaba alyndy. Şeýle hem uniwersitet talyplar üçin okuwy we işi utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän rezident wizasyny berýär.

«Sinergiýa» okuwa girmegiň ýeňillikli tertibini, şeýle hem dünýäniň islendik ýerinden onlaýn okamak mümkinçiligini hödürleýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, uçurym daşary ýurtlarda işlemäge şert döredýän iňlis dilinde umumyýewropa goşundysy bolan diplom alýar.

Aşgabatdaky wekilhananyň işgärleri dalaşgärler üçin mugt maslahat berýärler. Goşmaça maglumatlary +993 62 68-22-69, +993 65 81-54-82 telefon belgilerinden ýa-da idea.mm03@gmail.com elektron poçta salgsyndan, şeýle hem sosial ulgamlardan alyp bilersiňiz: @synergy_turkmenistan; synergy_turkmenistan (TikTok).

ORIENT news

Foto: Synergy University Dubai uniwersitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasy

Şeýle hem okaň: