Iň täze habarlar

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody halkara derejede ykrar edilmegiň ýolunda: Gämi gurluşyk pudagynda täsirli üstünlik!

28.03.2024 | 19:50 |
 “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody halkara derejede ykrar edilmegiň ýolunda: Gämi gurluşyk pudagynda täsirli üstünlik!

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ISO şahadatnamasyny almaga taýýynlanmagy, bu diňe bir kärhana üçin däl, eýsem ýurdumyz üçin möhüm waka öwrüler. Bu bolsa öz gezeginde, zawodyň halkara gämi gurluşyk jemgyýetine ornaşmagyna uly ädim bolup, hödürlenýän hyzmatlaryň iň ýokary hilini tassyklar.

Şahadatnamalaşdyrmagyň taýýarlygynyň çäginde gämi gurluşyk zawodynda koreý kompaniýasy tarapyndan audit geçirilýär. ISO 9001 şahadatnamanyň alynmagy hili dolandyrmagyň ulgamyny tassyklar; ISO 45001 şahadatnamasy Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyny üpjün etmegiň dolandyryş ulgamyny kepillendirer; ISO 14001 şahadatnamasy bolsa ekologiýany dolandyrmagyň ulgamyny üpjün eder.

Zawod ISO şahadatnamalary arkaly Halkara Akkreditasiýa Forumynda (IAF) hasaba alnar, bu bolsa täze hyzmatdaşlyga ýol açyp, müşderiler tarapyndan zawoda bolan ynamy has-da güýçlendirer.

Mundan başga-da, koreý inženerleri tarapyndan zawodyň hünärmenlerine gämi gurluşykda öňdebaryjy tehnologiki tilsimleri öwredilip, türkmen gämi gurluşykçylary “Bureau Veritas” halkara klassifikasion jemgyýetinden şahadatnamalary alarlar. Gysga wagtyň dowamynda, göterijilik ukyby 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini gurmak üçin zawoda enjamlar we materiallar getiriler.

Bu wakalar, türkmen gämi gurluşygynyň ösüşinde täze döwri alamatlandyrýar. “Balkan” zawody, bäsdeşlige ukyplylygyny we täze ösüşlere taýynlygyny görkezip, halkara derejesinde ykrar edilmegine ynam bilen barýar.

ORIENT news

Foto: "Türkmendeňizderýaýollary agentligi" tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: