Iň täze habarlar

Aşgabatda basnýaçy Iwan Krylowyň doglan gününiň 255 ýyllygy bellener

12.02.2024 | 20:49 |
 Aşgabatda basnýaçy Iwan Krylowyň doglan gününiň 255 ýyllygy bellener

13-nji fewralda ýazyjy, basnýaçy, dramaturg, terjimeçi, satiriki žurnallaryň neşirçisi, opera librettolarynyň awtory Iwan Andreýewiç Krylowyň doglan gününe 255 ýyl dolýar. Onuň ýazan basnýalary awtora uly şöhrat getirýär.

Rus dilinde gürleýän adamlaryň köpüsi Krylowyň basnýalaryndan bölekleri aforizm hökmünde ulanýarlar. Şolardan şu söz düzümlerini mysal getirmek bolar: «А ларчик просто открывался» (Sandyk ýaňja açyldy), «Лето красное пропела» (Tomus gyzaryp aýdym aýtdy), «Слона-то я и не приметил» (Pil kimini duýýmandyryn), «А Васька слушает да ест» (Waska hem iýýär hem diňleýär), «Кто в лес, кто по дрова» (Kim tokaýda, kim bolsa odunda), «Кукушка хвалит Петуха за то, что хвалит он Кукушку» (Özüni öwýändigi üçin ikatýok horazy öwýär), «Спой, светик, не стыдись!» (Çyrajyk aýdym aýt, utanma!), «Хоть видит око, да зуб неймёт» (Garagyň gören zadyna agyz urulmaz), «Не плюй в колодец – пригодится...» (Guýa tüýkürme, gerek bolar).

Käte ýagdaýlar ozalky ýaly tamamlansa, «Лебедь, Щука и Рак» (Guw, balyk we leňňeç) diýmek ýeterlik. Ýa-da giden sözleriň ýerini «медвежья услуга» (aýy hyzmaty), «как белка в колесе» (tigirçekdäki belka ýaly) söz düzümleri tutýar.

Iwan Andreýewiç Krylow 236 sany basnýa ýazypdyr, onda gündelik söz we sözleýiş sözlerinden peýdalanyp, halkyň dürli meselelere bolan garaýşyny beýan edip bilipdir.

Meşhur döredijilik şahsyýetiň doglan gününde Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi isleg bildiren her bir adamyň gatnaşyp biljek çärelerini guraýar. 13 - 15-nji fewralda geçiriljek medeni çäräniň dowamynda basnýaçy şahyryň eserlerindäki gahrymanlaryny suratda çekmek sapagy we basnýalary labyzly okamak bäsleşigi guralar. ​ Giňişleýin maglumaty web-saýtymyzyň "Bildirişler" bölüminden okap bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: culture.ru

Şeýle hem okaň: