Iň täze habarlar

Aşgabatdaky "Rus öýi" surat çekmek sapagyna we basnýalary okamak bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

12.02.2024 | 20:07 |
 Aşgabatdaky "Rus öýi" surat çekmek sapagyna we basnýalary okamak bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi basnýaçy şahyr I.W.Krylowyň doglan gününiň 255 ýyllygy mynasybetli 13-15-nji fewralda geçiriljek çärelere isleg bildirýänleri gatnaşmaga çagyrýar.

Çäreleriň çäklerinde şekillendiriş sungaty boýunça (eserlerdäki gahrymanlaryň suratlaryny çekmek) sapak guralyp, basnýalary labyzly okamak boýunça bäsleşik geçiriler.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminde geçiriljek çäre 13-nji fewral güni sagat 17:00-da başlanar. Ilçihananyň bu bölümi Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 11-nji jaýynda ýerleşýär.

Çärelere gatnaşmaga isleg bildirýänler poçta salgysy ýa-da telefon belgisi arkaly özlerini öňünden hasaba aldyrmalydyrlar: otdel_tm@mail.ru, +99361 51 0398.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: