Iň täze habarlar

Gyrgyzystanda Magtymgulynyň döredijiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

04.12.2023 | 20:53 |
 Gyrgyzystanda Magtymgulynyň döredijiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy Bişkek şäherinde “Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda Magtymguly Pyragynyň orny” atly halkara ylmy maslahaty gurady. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Çärä gatnaşyjylar beýik akyldaryň döredijilik mirasynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli mirasy bolmak bilen bir hatarda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň hem aýrylmaz bölegidir.

“Manas” gyrgyz-türk uniwersitetinde geçen maslahatyň çäklerinde, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy, Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky film görkezildi.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri bardy. Olar “Manas” gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory, Gyrgyzystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we medeniýet institutynyň direktory bilen duşuşdylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Bişkekdäki Milli taryh muzeýine baryp gördüler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy tarapyndan

Şeýle hem okaň: