Iň täze habarlar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gananyň wekiliýetini kabul etdi

24.11.2023 | 23:22 |
 Türkmenistanyň daşary işler ministri Gananyň wekiliýetini kabul etdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary syvasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk anna güni, 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Meredow iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky geňeşmeleriň ähmiýetini belläp geçdi we bu duşuşygyň medeni gatnaşyklardan başlap, söwda-ykdysady gatnaşyklar ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegine möhüm goşant goşandygyny belledi.

Gün tertibi barada pikir alyşandan soň, taraplar söwda we senagat pudagynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň häzirki ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we bilim we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşykdan soň diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bolan syýasy geňeşmeler baradaky Teswirnama gol çekdiler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň DIM

Şeýle hem okaň: