Iň täze habarlar

Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň, oba hojalygyň önümleri we el halylary satyldy

25.11.2023 | 16:20 |
 Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň, oba hojalygyň önümleri we el halylary satyldy

24-nji noaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwda geleşiklerinde içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagatyň, oba hojalygynyň önümleri we türkmen el halylary satyldy.

Malta Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudy, Türkiýe we Owganystan döwletleriniň işewürleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden "B" kysymly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler "Türkmennebit" döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny, ýerli işewürlerden bolsa, jins matalary hem-de karbamidi satyn aldylar. Türkmen işewürleri Oba hojalyk ministrliginden pagta çigidiniň tüýjümegi we çig ýag turşulygy ýaly önümleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden boýalan agyr flanel matalaryny kreton taýýar düşekçe toplumlaryny, aşgarlanmadyk biz we nah matalaryny hem-de türkmen el halylary satyn alyndy.

Şol gün jemi bahasy 11 million manatdan we 24,15 million dollardan gowrak bolan 16 geleşik baglaşyldy.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: