Iň täze habarlar

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

25.11.2023 | 15:49 |
 Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär.

"TRACECA taslamalarynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda tagallalary berkitmäge ýardam edýär diýlip döwlet Baştutanynyň hatynda bellenýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri geljekde-de yzygiderli durmuşa geçirjekdigini nygtady.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: