Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi

25.11.2023 | 15:38 |
 Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Ählumumy metan borçnamasyna Türkmenistanyň goşulýandygyny yglan etmek teklip edilýär. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek teklip edilýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “COP-28” maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň maslahatyň çäklerinde — 10-njy dekabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi.

ORIENT news

Foto: edition.cnn.com

Şeýle hem okaň: