Iň täze habarlar

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde giň ugurlar boýunça meseleler maslahatlaşylar

25.11.2023 | 15:22 |
 Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde giň ugurlar boýunça meseleler maslahatlaşylar

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek 6-njy mejlisinde nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri maslahatlaşylar.

Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde hasabat berdi. Bellenişi ýaly, häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtap, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: