Iň täze habarlar

BAE-de durnukly sanly tölegler üçin platforma işlenilip taýýarlanyldy

25.11.2023 | 06:32 |
 BAE-de durnukly sanly tölegler üçin platforma işlenilip taýýarlanyldy

Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň Fintech Assosiasiýasynyň başlygy Namer Hanyň startapy kärhanalara sanly tölegleriň esasyna durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmaga ýardam berjek innowasion onlaýn platformany işe girizdi.

Fils sanly tölegleriň infrastrukturasynyň durnuklylygyny üpjün eder. Bu platforma öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly kärhanalara tutuş dünýä boýunça uglerod karzlaryna bolan zerurlyklaryny yzarlamaga hem-de işewürligiň esasy gymmatlyklary bolan ekologiýa, sosial we korporatiw dolandyryşa (ESG) laýyklykda hereket etmäge mümkinçilik berýär.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatynyň öňüsyrasynda filsiň işe girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu maslahat 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçer.

“Howanyň üýtgemegi örän möhüm mesele bolup durýar, ýöne köp kompaniýalara howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça çäreleri öz işlerine ornaşdyrmak başartmaýar. Sarp edijileriň we maýadarlaryň işewürligiň sosial jogapkärçiligine talabynyň netijesinde ESG gymmatlyklary öz ähmiýetini ýitirmez” diýip kompaniýada aýtdylar.

Platforma ýuridiki we fiziki şahslara sanly tölegleri has tiz, howpsuz we aýdyň almaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: