Iň täze habarlar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe özara söwda dolanyşygyny ýeňilleşdirmek üçin mehanizm döredýärler

23.11.2023 | 21:50 |
 Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe özara söwda dolanyşygyny ýeňilleşdirmek üçin mehanizm döredýärler

Penşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň wekilleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk türkmen tarapynyň başlangyjy bilen wideo aragatnaşygy arkaly gurnaldy we üç ýurduň hökümetleriniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny döretmek baradaky özara düşünişmek Memorandumyny durmuşa geçirmek maksat edinildi.

Gatnaşanlar ýakyn wagtda maslahat toparynyň agzalary barada maglumat alyşmaga razy boldular, ilkinji duşuşygynyň ýerini we wagtyny kesgitlediler, şeýle hem üç ýurduň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulaglar barada birek-birege habar bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň web sahypasynda habar berilýär.

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýäniň Prezidentleriniň ilkinji üçtaraplaýyn sammitinde Türkmenistanyň hökümeti, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hökümeti bilen Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny döretmek barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilipdi.

Resminama, üç döwletiň arasynda harytlaryň çalt hereket etmegi üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, özara maglumat alyşmak we özara söwdanyň ösmegi we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: