Iň täze habarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy german awiakompaniýasy bilen göni däl gatnaşyklary giňeldýär

23.11.2023 | 08:20 |
 “Türkmenistan” awiakompaniýasy german awiakompaniýasy bilen göni däl gatnaşyklary giňeldýär

“Türkmenistan” Germaniýanyň “Hahn Air” awiakompaniýasynyň iň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň sanawyna girdi. Indi dünýädäki syýahatçylyk agentlikleri “Hahn Air Systems H1” kody boýunça “Global Distribution System” (GDS) ulgamy arkaly “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlaryna biletleri öňünden satyn alyp bilerler.

Indi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlaryna biletleri doldurylýan resminamalara goşmaça tölegleri tölemezden öňünden satyn alyp bolýar. Bu barada Germaniýanyň “Hahn Air” awikompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aziýanyň we Ýewropanyň 11 ýurduna 20 ugur boýunça ýolagçy uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Indi “H1” kody arkaly awiakompaniýanyň Pekin (PEK), Deli (DEL), Dubaý (DXB), Frankfurt (FRA), Stambul (IST) we Kazan (KZN) şäherlerine amala aşyrýan uçuşlaryna biletleri öňünden satyn almak mümkin.

ORIENT news

Foto: turkmenistanairlines.tm

Şeýle hem okaň: