Iň täze habarlar

Türkmenistan – Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri

23.11.2023 | 08:36 |
 Türkmenistan – Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri

Türkmenistan Özbegistanyň iň iri altynjy daşary söwda hyzmatdaş ýurdy boldy. Şu ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 1 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,8 göterim köpdür.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň bellemegine görä, soňky ýyllarda Özbegistan Türkmenistandan energiýa çeşmelerini göni satyn almaga başlady. Geçen ýyl goňşy ýurtlaryň arasyndaky özara söwda 926,3 million dollar boldy, bu bolsa 2017-nji ýyldakydan bäş esse ýokarydyr.

Iki ýurduň daşary söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň eksporty agramly bölegi eýeleýär. Geçen 10 aýda Türkmenstandan Özbegistana 775,5 million dollarlyk, Özbegistandan Türkmenistana bolsa 143,7 million dollarlyk eksport edildi.

Hytaý, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Türkiýe, Koreýa Respublikasy we Türkmenistan Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarydyr.

ORIENT news

Foto: gazeta.uz

Şeýle hem okaň: