Türkmenistan turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz ibermekde birinjiligi saklaýar
20.11.2023 | 23:32 |Şu ýylyň geçen 10 aýynda turbageçirijiler arkaly Türkmenistandan Hytaýa 8,07 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan turbageçiirjiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji ýerde barýar.
Bu babatda ikinji orunda barýan Russiýa geçen 10 aýda 5,36 milliard dollarlyk tebigy gazy Hytaýa iberdi we geçen ýylyň degişli görkezijisinden 73 göterim ösüş gazandy. Geçen döwürde Mýanma 1,23 milliard, Gazagystan 1,08 milliard, Özbegistan 454,44 million dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdiler. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük administrasiýasy habar berýär.
Mälim edilişine görä, geçen 10 aýda Hytaý daşary döwletlerden 96,51 million tonna tebigy gazy import etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 8,8 göterim köpdür.
ORIENT news