Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Bişkekde duşuşarlar
19.11.2023 | 21:42 |27-28-nji noýabrda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçiriler. Bu çäre her ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda aýlawly ýagdaýda geçirilýär. Şeýle görnüşdäki duşuşyk şu ýyl 13-nji gezek geçiriler.
Duşuşygyň maksady Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşmak, şeýle hem Sebit merkeziniň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleri bilen hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
ORIENT news