Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda uçar kerosinine uly isdeg bildirildi
18.11.2023 | 07:26 |16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazar üçin “TС-1» kysymly uçar kerosinine uly isdeg bildirildi (1 tonnasy üçin ABŞ-nyň 854,25 dollary.
Içerki bazara el halylary (1 inedördül metri 2665,70 manat) we mahmal matalar (1 metri 180,55 manat) ýerlenildi.
BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 281 müň 375 dollaryna deň bolan “TС-1» kysymly uçar kerosinini satyn almak barada şertnama baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürleri ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen jemi bahasy 101288,55 manatlyk mahmal matany hem-de umumy bahasy 4 müň 371,75 manada deň bolan el halylaryny satyn almak barada şertnama baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy 105660,30 manada we ABŞ-nyň 1 million 281 müň 375 dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
ORIENT news