Iň täze habarlar

Hytaýyň “Jingdong” kompaniýasy “Türkmentel-2023” atly forumyna gatnaşýar

10.11.2023 | 17:24 |
 Hytaýyň “Jingdong” kompaniýasy “Türkmentel-2023” atly forumyna gatnaşýar

Hytaýyň esasan elektron söwda ugruna ýöriteleşen “Jingdong” jemgyýetçilik kompaniýasy (JD.com ady bilen hem belli), Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýar.

“JD.com Hytaýda iň iri onlaýn satyjylaryň biri bolup, ol gazanýan girdejisi boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň “Fortune Global 500” sanawyna girýär. 2014-nji ýylyň maý aýynda “JD.com” kompaniýasy “NASDAQ” gazna biržasynda ýylyň iň iri üpjün edijisi hökmünde bellige alyndy.

Bu kompaniýa 1998-nji ýylyň iýun aýynda Pekiniň Çžunguansun etrabynda Lýu Sýandun tarapyndan esaslandyryldy. 2006-njy ýylda kompaniýa Şanhaýda, şondan laýyk bir ýyldan soň bolsa, Guançžou şäherinde şahamçalaryny açdy.

“Jingdong” kompaniýalar topary özüne degişli kärhanalaryň üsti bilen elektron söwda, logistika, bulut tehnologiýasy, uly maglumatlary gaýtadan işlemek, blokçeýn ýaly pudaklarda iş alyp barýar.

Şeýlelikde, “Jingdong” kompaniýalar topary öňdebaryjy sanly tehnologiýa düzümi bolmak bilen, maliýe guramalary, kärhanalar, döwlet edaralary we beýleki müşderiler üçin sanly çözgütleri hödürleýär. Tehnologiýa + Senagat + Ekosistema zynjyry boýunça hyzmatlaryň giden toplumyny hödürleýän kompaniýa, aragatnaşyk senagatynda sanly birikdiriş modelini (TIE) döretmegi maksat edinýär.

“Türkmentel-2023” forumynyň çäginde “Jingdong” kompaniýasynyň wekilleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, Türkmenistan bilen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýlary pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Foto: "Türkmenaragatnaşyk" agentligi

Şeýle hem okaň: