Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi

03.10.2023 | 12:18 |
 Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi bilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda” ýurduň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi. Üýtgetmeler girizilen täze kanunçylyk namalary şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Şeýlelikde 70-nji maddada getirilýän günäsini ak ýürekden boýun alandygy üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak hakynda diýen bölek aýryldy. Mundan ozal, kaza, prokurora we sülçä günä ýökelýäni jenaýat jogapkärçiligine çekenlerinde şu ýagdaýy göz öňüne tutmaly bolýardy.

Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.

Türkmenistanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek we adalatly kazyýetiň höküm sürmegi ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

ORIENT news

Foto: centralasia.news

Şeýle hem okaň: