Aşgabatda fransuz dokumental filmi görkeziler
02.10.2023 | 22:03 |Aşgabatdaky Fransuz instituty 5-nji oktýabrda “Unudylan Fedçenko buzlugy” atly dokumental filme tomaşa etmäge çagyrýar. Ol fransuz ýazyjysy, “Albert Londres” baýragynyň laureaty, Fransuz barlagçylar jemgyýetiniň agzasy Sedrik Gra tarapyndan 2022-nji ýylda ekrana goýberildi.
Film görkezilenden soňra, muşdaklara meşhur syýahatçy we dokumental filmi dörediji Sedrik Gra bilen duşuşmaga mümkinçilik dörär. Ol özüniň gatnaşan täsin ekspedisiýalary, daga çykmak wew howanyň üýtgemegine ünsi çekmek boýunça bu ýere ýygnananlara gürrüň berer.
Sedrik Gra birnäçe romanlaryň, hekaýalaryň we syýahatçylyk ýatlamalarynyň, şol sanda birnäçe dokumental filmleriň awtorydyr. Bu filmleri “ARTE” teleýaýlymynda tomaşa etmek bolýar.
52 minut dowam edýän “Unudylan Fedçenko buzlugy” atly dokumental film fransuz dilinde iňlis dilindäki ýazgy terjimeli (subtitr) görkeziler.
Onuň görkezilişi “Buig Turkmen” kompaniýasynyň “Carbon Training Centre” merkezinde 5-nji oktýabrda sagat 17:00-da başlanýar. Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 592.
Film görkezilişin gatnaşmak üçin şu elektron poçta salgysy arkaly öňünden ýazylmak zerurdyr: ift.culture@gmail.com.
ORIENT news