Iň täze habarlar

Guterriş: BMG Türkmenistan bilen bilelikdäki işleri dowam etdirmäge umyt bildirýär

02.10.2023 | 23:00 |
 Guterriş: BMG Türkmenistan bilen bilelikdäki işleri dowam etdirmäge umyt bildirýär

“Birleşen Milletler Guramasy Siziň ýurduňyz üçin şu şatlykly günde Türkmenistanyň ähli halkynyň begenjini paýlaşýar we men adamlar üçin hem, dünýä üçin hem has gowy, sagdyn, howpsuz geljegi üpjün etmek ugrunda bilelikdäki işimizi dowam etdirjekdigimize umyt edýärin” diýlip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow iberen Gutlagynda bellenýär.

Baaýramçylyk Gutlagyna şeýle hem, dünýäniň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan wehimleri bizden raýdaşlyga, özara hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýan bilelikdäki tagallalary talap edýändigi nygtalýar.

“Ýagty geljek parahatçylygyň, adamlaryň hukuklarynyň, ýaşaýan ýerine garamazdan, ähli adamlar üçin abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň goldanylmagy hem-de her bir ýurduň öz milli çäklerinden çykmagy esasynda gazanylyp bilner” diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýollan Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgininiň guwandyryjydygy nygtalýar.

“Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pariže bolan saparynyň jemlerine laýyklykda, biz ykdysady, ekologiýa, oba hojalygy, energetika, ylym we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça işlerimizi dowam etdirmelidiris. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde täze taslamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenýär.

Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň hatynda häzirki döwrüň wehimleri bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýe bolandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Zuzana Çaputowa, Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel gutlag hatlaryny ýolladylar.

ORIENT news

Foto: un.org

Şeýle hem okaň: