Türkiýäniň Daşary işler ministrligi birnäçe ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistandaky ilçisini täzelär
02.10.2023 | 21:04 |Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistan, Slowakiýa, Belarus Respublikasy, Saud Arabystany, Gabon, Urugwaý, Eritreýa we Demirgazyk Makedoniýa döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny täzelejekdigini habar berdi. Türkmenistanda 4 ýyl ilçi bolup işlän Togan Oralyň ýerine 53 ýaşly Ahmet Demirok geler.
Togan Oralyň çalşylmagynyň sebäbi, onuň diplomatik missiýasynyň wagtyndan öň tamamlanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Türkiýäniň diplomatik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy Konýadan, köp çagaly maşgalaly, iňlis dilini bilýän diplomatik işgärdir.
Ahmet Demirokyň diplomatik karýerasy 2010-njy ýylda başlanyp, şonda ol Türkiýäniň Londondaky baş konsuly bellendi. 2013-nji ýylda Katar Döwletiniň ilçisi bellenip, bu ýerde diplomatik missiýasy tamamlanýança işledi. 2017-nji ýylda Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde döwlet gullukçylarynyň etikasy boýunça geňeşiň agzasy, 2021-nji ýyldan bolsa, Eritreýadaky diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy bolup işläp başlady.
ORIENT news