Iň täze habarlar

Ispan kompaniýasy 2 million ilaty içimlik suw bilen üpjün etjek taslamalary maslahatlaşýar

02.10.2023 | 19:06 |
 Ispan kompaniýasy 2 million ilaty içimlik suw bilen üpjün etjek taslamalary maslahatlaşýar

Ispaniýanyň “TYPSA: Consulting engineers architects” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada oba hojalygy boýunça sebit menejeri Martin Roýal Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynda türkmen tarapy bilen geljekki taslamalary ara alp maslahatlaşyldy.

Gürrüň Türkmenistanyň 2 million ilatyny içimlik we 6 müň gektary ekerançylyk suwy bilen üpjün etjek iri taslamalar barada barýar. Mundan ozal, kompaniýa Hazar deňziniň suwuny süýjediji suw kärhanasy boýunça taslamany durmuşa geçirdi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

“Pandemiýa başlamazyndan ozal, biziň kompaniýamyzyň 10 sany inženeri Aşgabatda Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde taslama durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barypdylar. Bu taslama üstünlikli ýerine ýetirildi. Biz Türkmenistanda öz işlerimizi gaýtdan dikeldip, mundan beýläk-de giňeltmek isleýäris. Sebäbi Türkmenistan okgunly ösýär we geljek üçin uly mümkinçiliklere eýedir” diýip, kompaniýanyň wekili belleýär.

Kompaniýa Türkmenistanda 2018-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. 1966-njy ýylda döredilen kompaniýada dünýäniň 60 töweregi ýurdunda 3300 töweregi inžener işleýär.

ORIENT news

Foto: advantour.com

Şeýle hem okaň: