Iň täze habarlar

Aşgabatdaky “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

02.10.2023 | 18:46 |
 Aşgabatdaky “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Aşgabat şäher häkimliginiň sargyt etmegi boýunça Binagärlik we gurluşyk ministrligi “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany köpgatly ýaşaýyş jaýyny, mekdebi we seýilgähi gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Bu baradaky bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň täze kemala gelýän gündogar böleginde 9 gatly, her biri 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si we her biri 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si gurlar. Munuň netijesinde, 864 maşgala täze öýli bolar. Bu çäkde 720 orunlyk mekdep hem-de seýilgäh gurlar.

Gurluşyga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar 13-nji noýabra çenli özleriniň tekliplerini Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrligine tabşyryp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: