Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 4D usulynda görkezýän 20 sany UZI enjamy berildi
26.09.2023 | 11:11 |BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine döwrebap 4D usulynda görkezýän ultrases barlag enjamlaryny (UZI) gowşurdy. Bu çäre Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän ýörite taslamanyň çäklerinde geçirildi.
Gowşurylan lukmançylyk enjamlarynyň umumy bahasy 790 müň amerikan dollaryna deňdir. Enjamlar dopplerografiýa işini ýokary hilli, deriniň häsiýetnamasyny awtomatik usulda anyklaýandygy we ýokary hilde wizuallaşdyrýandygy bilen tapawutlanýar.
Ultrases barlag enjamlary içerki synalaryň, bogunlaryň, jyns agzalarynyň kesellerini, göwreliligi anyklamak işini has-da gowulandyrar. Täze enjamlar Aşgabadyň we welaýatlaryň hassahanalaryna ugradyldy. Gurama milli saglygy goraýyş ulgamyny geljekde hem goldamagy maksat edinýär.
ORIENT news