Minskiýniň deri önümçilik birleşigi türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýär
25.09.2023 | 22:17 |Minskiýniň deri önümçilik birleşig türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Bu barada kärhananyň Baş direktory Olga Politiko ýurdumyzyň Belrus Respubliksyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.
Belarus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen duşuşykda, ilçi derini gaýtadan işlemäge ýöriteleşen kärhananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy we işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenişi ýaly, häzirki wagtda kärhana tebigy derini gaýtdan işlemek arkaly aýakgap, mebel we beýleki deri önümçiligi üçin dürli reňklerdäki derileri taýýarlaýar. Baş direktor özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirip, kärhanada türkmen işewür toparlaryny kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.
“Minskiýniň deri önümçilik birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Belarus Respublikasynda iň iri we döwrebap, Ýewraziýa giňişliginde derini gaýtadan işlemegiň köp bölegi tehniki taýdan ýola goýlan kärhanalaryň biridir.
ORIENT news