Iň täze habarlar

Bilermenler "Hytaý - Merkezi Aziýa" görnüşdäki gatnaşyklaryň nähili boljakdygyny çaklaýarlar

22.09.2023 | 16:17 |
 Bilermenler "Hytaý - Merkezi Aziýa" görnüşdäki gatnaşyklaryň nähili boljakdygyny çaklaýarlar

Beýik Ýüpek ýoly öz döwründe döwrebaplaşmagyň ýoly bolupdy. Ol häzirki günde hem söwda gatnaşyklaryny we bazarlaryň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmak arkaly döwrebaplaşmagyň täze akymyny emele getirýär diýip, "Hytaý - Merkezi Aziýa" barlag merkezleriniň forumynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň strategik ylmy-barlag merkeziniň direktory belledi.

Şeýle formatdaky forum eýýäm üçünji gezek geçirilýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilermenleriň bu gezekki forumy Sian şäherinde geçirildi. Onuň 22-nji sentýabrda geçirilen ikinji gününde "Dürli görnüşdäki medeniýetlerde döwrebaplaşmak" atly tema bagyşlanan mejlis geçirildi. Onda türkmen strategik ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew häzirki döwürde ulag arabaglanyşygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Onuň sözüniň başynda bellemegine görä, gadymy döwürden bäri Sian şäherini we türkmen topragynda ýerleşen Merwi Beýik Ýüpek ýolunyň özara baglanyşdyrýar. Şondan bäri birnäçe medeniýetleriň çalşandygyna garamazdan, ýurtlaryň ykdysadyýetlerini döwrebaplaşdyrmak işi söwdanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Durnukly söwda gatnaşyklar prosesiniň bolmagy üçin bolsa, ygtybarly we giň ugurly ösen ýollaryň bolmagy zerurdyr.

Halkara ulag geçelgeleriniň, yklymüsti hojalyk arabaglanyşygy diňe bir geoykdysady ýagdaýlary däl-de eýsem, geosyýasy ýagdaýlary kadalaşdyrmaga ukyplydygyndan çen tutup, Türkmenistan abraýly iri halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda BMG-niň belent münberinde durnukly ulag boýunça halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär diýip, Şiri Şiriýew belledi.

650d77b893ac0827869279.jpg

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ulag ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak, oňa maýa goýumlaryny çekmek we ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem üstaşyr ýük geçirmeleri amala aşyrmak boýunça köpugurly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebit ýük daşamalaryny meýilnamalaşdyrmak, bu babatdaky ulgamlary döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, tehniki ülňüleri mundan beýläk-de utgaşdyrmak, hukuk esaslary kämilleşdirmek ugrunda bilelikdäki tagallalary goldaýar.

Sanlylaşdyrmak, maglumatlary alyşmak işiniň depginini ýokarlandyrmak üçin biziň ýurdumyz sebit arabaglanyşygyny we pudaklaýyn düzümleriň hünärmenlerini okatmagy, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy üpjün edýän öňdebaryjy tejribeleri we bilimleri alyşmagy maksat edinýär.

Gündogar - Günbatar Demirgazyk - Günorta ugurlarynda üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde Türkmenistanyň ulag pudagy döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamyň innowasiýalaşdyrylmagy, ilkinji nobatda elektron resminama dolanyşygyny üpjün edýän "Bir penjire" ulgamynyň ornaşdyrylmagy, salgyt we gümrük işleriniň ýeňilleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Türkmenistan serhet gözegçilik-geçiriş ýerleriniň sanlylaşdyrylmagy we bu ýerlerdäki işleriň sanlylaşdyrylmagy babatda üstünliklere eýe boldy diýip bileris. Bu babatdaky geljekki işlere maýa goýumlaryň çekilmegi ýükleriň gözegçilik ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagyny, elektron resminama üçin onlaýn platformalaryň işini has-da kämilleşdirer.

650d77bba8e62350122019.jpg

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň işjeň gatnaşmagy we biziň ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ulag-logistika ulgamynyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün eder. Bu sebitde Hytaý geoykdysady merkez hökmünde çykyş edýär. Sebäbi bu ýurt halkara ýük geçelgeleriniň, ýük daşamalaryň doly mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm merkez bolup durýar diýip, Şiriýew belleýär.

Onuň pikirine görä, durnukly intellektual ulag ulagmy üçin ýol kartasynyň işlenip düzülmegi ulag we ýük daşamak işine gatnaşyjylara Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Energiýa çeşmeleri, geografiki we beýleki aýratynlyklary göz öňünde tutsaň, häzirki halkara gatnaşyklarynda Merkezi Aziýanyň ähmiýetli orny barha artýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň "Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan janlandyrmak" taslamasy Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine uly itergi berip, ol geoykdysady we filosofiki many taýdan Hytaýyň "Bir guşak - bir ýol" taslamasynyň hem ähli many-mazmuny bilen özara baglanyşýar.

Ulag-üstaşyr taslamalar babatda ýerine ýetirilen we durmuşa geçirilýän işler "Hytaý - Merkezi Aziýa" formatyndaky hyzmatdaşlygyň gyzyklanmalary bilen meňzeş gelýär. Wagtyň we hakyky durmuşyň görkezişi ýaly, bu formatdaky özara gatnaşyklar häzirki wagtda iň meşhur, abraýly we ägirt uly geljegi bolan hyzmatdaşlyk düzümidir.

Şu şertlerde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary netijeli hyzmatdaşlyk we döwrebaplaşmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin-de, ählumumy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin döredilen "Hytaý - Merkezi Aziýa" formaty sebitiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolmagynda hem galýar diýip, Şiri Şiriýew sözüni jemledi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: