Arkadag şäherinde täze çagalar seýilgähiniň düýbi tutuldy
23.09.2023 | 15:02 |22-nji sentýabrda Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, çagalar seýilgähiniň gurluşygy ynanylan kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem myhmanlaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen watandaşlarymyzyň hem bardygyny bellemek gerek.
Degişli seýilgähi gurmak hakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi bilen "Çyzgy" hojalyk jemgyýetiniň arasynda degişli şertnamany baglaşmak boýunça ygtyýar berildi.
ORIENT news