Aşgabatda täze jaýlar açyldy
23.09.2023 | 14:53 |22-nji sentýabrda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 10-sy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär.
Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda hem kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde bolşy ýaly, olarda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanda uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda birnäçe desgalar dabaraly açylýar.
ORIENT news