Iň täze habarlar

Rus futbolunyň Ýewropada galjakdygy ýa-da Aziýa geçjekdigi ýylyň ahyryna çenli belli bolar

23.09.2023 | 14:06 |
 Rus futbolunyň Ýewropada galjakdygy ýa-da Aziýa geçjekdigi ýylyň ahyryna çenli belli bolar

Russiýanyň Futbol birleşiginiň prezidenti Aleksanda Dýukow rus futbolunyň UEFA-da galjakdygynyň ýa-da Aziýa yklymyna geçjekdiginiň bellisiniň ýylyň ahyryna çenli aýan boljakdygyny mälim edýär. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda rus futbolunyň Ýewropada galmagyna degişli gepleşikler geçirilýär. Gelnen netijelere laýyklykda, Russiýanyň Futbol birleşigi UEFA bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer ýa-da Aziýanyň Futbol konfederasiýasyna geçer. Bu bolsa ýylyň ahyryna çenli çözüler.

Bellenişine görä, degişli çözgüdi Russiýanyň Futbol birleşiginiň özi hem kabul edip bilýär. Munuň üçin FIFA-nyň resmi däl ylalaşygy gerek bolýar. Bu diňe bir ýa iki adamyň çözmeli meselesi bolman, ol ähli futbol jemgyýetine degişli meseledir.

2022-nji ýylyň fewralynda Halkara futbol federasiýasy we UEFA Russiýanyň futbol klublaryny we ýygyndylaryny halkara oýunlaryna gatnaşmak hukugyndan aýyrdylar.

ORIENT news

Foto: gettyimages.com

Şeýle hem okaň: