Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Russiýanyň tehnologiýa ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam arkaly maslahat geçirdiler

22.09.2023 | 11:28 |
 Türkmenistanyň we Russiýanyň tehnologiýa ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam arkaly maslahat geçirdiler

Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Innopolis uniwersitetiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly ylmy maslahat geçirildi.

Türkmen uniwersitetinde guralýan ýokary tehnologiýalar hepdeliginiň çäklerinde geçirilen maslahatda iki döwletiň ýokary okuw mekdepleri birek-biregiň bilim we ylmy-tehnologiýa mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Maslahata iki ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlary, mugallymlary we ýurdumyzyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyňň wekilleri gatnaşdylar.

650d210f22845208553520.png

Sanly ulgam arkaly maslahaty ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, BMG-niň Ösüş maksatanamasynyň we ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary guradylar. 18-nji sentýabrda “Durnukly ykdysady ösüş: Innowasiýalar we senagatlaşmak” atly hepdelik badalga aldy. Onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, ýaş alymlaryň sergisi we dürli zehin bäsleşikleri guralýar.

Hepdeligiň çäklerinde guralýan sergi barada ozal giňişleýin habar beripdik.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy

Şeýle hem okaň: