Iň täze habarlar

Türkmen kikboksçylary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

19.09.2023 | 16:56 |
 Türkmen kikboksçylary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

Özbegistanda ýaşlaryň arasynda kikboks boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmenistanly kikboksçylar jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 6-sy altyn, 2-si kümüş we 7-si hem bürünç medallardyr.

32 kilograma çenli agramda Jasurbeg Ahmedow 2 altyn, Nepes Bäşimow hem 48 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip altyn medal aldy. Şahruh Şiralyýew 51 kilogramda, Serdar Berdimyradow 86 kilogramda, Salamathan Baltaýew hem 74 kilogram agramda altyn medallaryň eýeleri boldular. Soňky ady agzalan türgenimiz şol sanda bürünç medala hem eýe boldy.

Atajan Rozyýew 71 kilogramda Muhamedaly Öwezow 69 kilogramda ýaryşyň kümüş medallaryny eýelediler. Öwezow kikboksyň başga bir ugry boýunça hem bürünç medal gazandy.

Rahym Şöhradow, Hangeldi Atabaýew, Yhlas Baýyýew we Ylhambek Baltaýew dürli agram derejelerinde çykyş edip, bürünç medallara eýe boldular.

Umuman, Özbegistanda geçirilen halkara kikboks ýaryşyna ýurdumyzdan 26 türgen we 2 tälimçi gatnaşdy.

ORIENT news

Foto: Instagram.com/wako_turkmenistan

Şeýle hem okaň: