Iň täze habarlar

“Ahalyň” “Al-Feýha” bilen boljak oýnunda haýsy eşikde boljakdygy belli edildi

18.09.2023 | 11:55 |
 “Ahalyň” “Al-Feýha” bilen boljak oýnunda haýsy eşikde boljakdygy belli edildi

Ertir, 19-njy sentýabrda, AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň “Ahalynyň” Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary bilen boljak oýnunda geýjek eşikleri belli boldy.

Türkmen topary paýtagtymyzyň "Aşgabat" stadionyna ak eşikde girer. “Ahal” toparynyň garşydaşlary bolsa, mämişi reňkli eşikde bolarlar.

Toparlaýyn tapgyrda “Ahalyň” Özbegistanyň “Pahtakor”, Saud Arabystanyň “Al Feýha” we BAE-den “Al Aýn” ýaly toparlar bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys.

Aziýanyň iň abraýly klub ýaryşynyň toparçasy 18-nji sentýabrdan 13-nji dekabr aralygynda geçiriler. Her zonadan (Günbatar we Gündogar) bäş toparyň ýolbaşçylary, şeýle hem iň gowy netijeleri gazanan üç sany ikinji ýer 1/8 finala çykarlar.

2002/03-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýaryşyň “güýz-bahar” görnüşine gaýdyp gelendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Aziýanyň çempiony 2024-nji ýyldaky Klub dünýä çempionatyna gatnaşar we milli çempionatdan geçip bilmese, indiki möwsümiň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Türkmen toparynyň Saud Arabystanyň “Al-Feýha” bilen ilkinji oýny 19-njy sentýabrda sagat 21: 00-da Aşgabat stadionynda bolar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: