Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumy her ýyl geçiriler

Türkmenistanyň, Koreýa Republikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, we Gyrgyzystanyň parlament ýolbaşçylary Seul şäherinde geçirilýän bilelikdäki birinji forumda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşýarlar. Bu barada yna.co.kr neşiri habar berýär.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo 6 döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň gülläp ösjekdigine we täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle görnüşdäki parlamentara forumynyň ýurtlaryň özara gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigini gatnaşyjylar nygtadylar.
Forumyň gün tertibine ykdysady hyzmatdaşlyk, ynsanperwer we medeni alyş-çalyş we gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar girizildi. Taraplar şeýle görnüşdäki parlamentara forumyny her ýylda geçirmegi ylalaşdylar. Forumyň indiki duşuşygyny geljek ýylda Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.
ORIENT news